Islendik bir agyr zady suwa oklanymyzda onuň az salymda çümüp gidýändigini görýäris. Emma äpet ýük gämileri, syýahatçylyk maksatly kruiz gämileri ummanlarda arkaýyn ýüzüp ýör. Eýsem, näme üçin gämiler suwda çümmeýär?
Grek akyldary Arhimediň ýörelgesine görä, bir jisim suwuň üstünde hereket edende güýçlendiriji güýjüň jisimi ýokary itýändigi aýdylýar. Suwuň ýüzünde agyr jisimleriň ýüzmegi, esasan, dykyzlyk bilen bagly bolup, massasy has jebis jisimler suwa çalt çümýär. Mysal üçin, agaç bölegi suwda gowy ýüzýär. Sebäbi onuň dykyzlygy pes. Gurşun böleginiň kiçijikdigine garamazdan, suwa çalt çümýär. Sebäbi gurşunyň göwrüminde has köp massa bar. Gurşundaky agyrlyk güýji güýçlendiriji güýçden ýokary, şonuň üçin suwda ýüzüp bilmeýär.
Ullakan gämilerde ýüzlerçe müň tonna agram bolup biler. Emma gämiler çümmeýär. Gämileriň suwuň ýüzünde saklanmagyna kömek edýän zat – gäminiň gurluşy we içindäki zatlar. Mysal üçin, gäminiň agyr bölegi (hereketlendirijiler, demir ilgençekler) onuň düýbünde ýerleşdirilýär. Bu gäminiň deňagramlylygyny saklamagyna ýardam edýär. Şeýle hem gämileriň köpüsiniň gabarasy ýeňil polat örtüklerden ýasalýar. Ýük gämilerinde deňagramlylygy saklamak üçin agyr ýükler aşakdan goýulýar. Gäminiň ýüzmegini üpjün edýän esasy zat onuň içindäki howa boşlugydyr. Howa gäminiň agramynyň dykyzlygyny azaldyp, suwuň ýüzünde arkaýyn ýüzmegini üpjün edýär. Eger-de gäminiň ortaça dykyzlygy suwuň dykyzlygyndan has ýokary bolsa, onda gämi suwa batar. Gämi suwa goýberilende aşagyndaky suwy iki gapdala itýär, ýagny ýerini üýtgedýär. Suw bolsa, gämini ýokary itýär. Suwuň itiş kuwwaty gämi suwa goýberilende ýerini üýtgeden suwuň mukdaryna deňdir. Islendik zadyň suwuň ýüzünde durmagy üçin onuň göwrüminiň umumy dykyzlygynyň suwuň dykyzlygyndan az bolmagy ýeterlikdir. Şol sebäpli gämiler gurlanda onuň göwrüminiň ortaça dykyzlygynyň suwuňkydan az bolmagyna üns berilýär. Gämi gark bolanda içine suw girip, howany güýçlendirýär. Şeýle ýagdaýda gäminiň dykyzlygy suwuň dykyzlygyndan has ýokary bolýar.