Ýer ýüzünde gurbagalaryň 7 müň 400-den gowrak görnüşi bar. «Ceratophryidae» maşgalasyna degişli bolan owadan şahly gurbaga Günorta Amerikada duş gelýän endemik görnüşdir. Kellesinde şah şekilli ösüntgisi bolandygy sebäpli, beýleki gurbagalardan tapawutlandyrmak üçin bu jandara «şahly gurbaga» diýip at goýlupdyr. Argentinanyň, Urugwaýyň we Braziliýanyň batgalyklarynda ýaşaýan bu şadyýan jandaryň bedeni garamtyl-ýaşyl bolup, albinos (ak reňkli) görnüşleri hem duş gelýär.
Şahly gurbaganyň beýleki gurbagalardan tapawutly aýratynlygy bedeniniň ýarysyny tutýan ullakan agzydyr. Şahly gurbaganyň ululygy 11-17 santimetre ýetýär. 6-7 ýyl ýaşaýan bu gurbagalar aw edende hereketsiz we sessiz agzyny açyp ýatýarlar. Soňra agzyna ilen zady iýmäge synanyşýarlar. Şahly gurbaga mör-möjekler, ownuk gemrijiler we hažžyklar bilen iýmitlenýär. Köp iýip-içýändigi sebäpli, bu gurbaga «Pacman» lakamy dakylypdyr. Häzirki wagtda şahly gurbagalary ylmy esasda düýpli öwrenmek işleri dowam etdirilýär. Gurbaganyň bu görnüşine haýwanat baglarynda hem duş gelmek bolýar.