Adamlaryň köpüsi ýazky we tomusky dynç alyş möwsüminde haýsydyr bir ýurda ýa-da şähere gezelenje gitmek isleýär. Bu barada dünýä belli syýahatçylyk kitaplaryny neşir edýän «Lonely Planet» kompaniýasy 2024-nji ýylda syýahat etmeli iň gowy ýurtlaryň we şäherleriň sanawyny köpçüligiň dykgatyna hödürleýär. Sanawda iň oňat sebitler, tebigy gözelliklere baý şäherler we gezelenç etmek üçin amatly ýerler göz öňünde tutulypdyr. Geliň, syýahatçylyk kompaniýasynyň sanawy bilen tanyş bolalyň!
2024-nji ýylda syýahata gitmek üçin amatly ýurtlar:
Mongoliýa. Daglardyr depelerden düzülen Mongoliýa sanawda birinji ýer berlipdir. Bu ýurtda gezelençde bolup, mongol medeniýeti we ýabany tebigat bilen has ýakyndan tanşyp bolýar. Mongoliýanyň ilatynyň esasy bölegi çarwalar bolup, sähralarda göçüp-gonup ýaşaýarlar. Ýurduň merkezi şäheri Ulanbator bolup, bu ýerde ýurduň ilatynyň ýarysyna golaýy ýaşaýar. Meşhur ýerleri, tebigaty we haýwanat dünýäsi: Ulanbator şäheri, Altaý daglarynyň jülgeleri, Hubsugül köli, sibir dag goçy, gobi aýysy, ýabany baktriýa düýesi, pržewalskiniň aty, gar alajabarsy.
Hindistan. Sanawda ikinji orunda Hindistan gelip, Ýewropadan we ABŞ-dan bu ýurda barmak üçin köp sanly howa gatnawlary bar. Esasan hem, ýurduň Deli, Goa we Kerala ýaly şäherleri tiz syýahat etmek üçin iň amatly ýerler hasaplanýar. Hindistanda dürli dilde gepleýän, dürli däp-dessurly halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyş bolup, rikşalarda şäherleri gezelenç edip bolýar. Meşhur ýerleri, tebigaty we haýwanat dünýäsi: Täçmahal aramgähi, Amber galasy, Hindi derwezesi, Lal-kila gyzyl galasy, Rantambor milli seýilgähi, Lotus ybadathanasy, Wiktoriýa ýadygärligi, bengal gaplaňy, aziýa ýolbarsy, aziýa alajabarsy, aziýa pili.
Sent-Lýusiýa. Karib deňziniň bezegi bolan Sent-Lýusiýa «ýaşyl» daglaryň we kenarýaka dynç alyş merkezleriniň mekany hasaplanýar. Kiçijik ada döwletiniň paýtagty Kastri bolup, Sent-Lýusiýa ýabany tebigatda dynç almagy halaýanlar üçin iň gowy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Meşhur ýerleri, tebigaty we haýwanat dünýäsi: Pijen-Aýlend milli seýilgähi, Tet Paul dag ýoly, Anse Mamin kenary, Kepderi adasy, Marigot aýlagy, botanika baglary, juma agşam köçe garbanyşhalary.
Sanawda ilkinji onluga giren ýurtlar yzygiderlilikde Meksika, Marokko, Çili, Benin, Özbegistan, Pakistan we Horwatiýa bilen jemlenýär.
2024-nji ýylda gezelenç etmek üçin amatly şäherler:
Naýrobi (Keniýa). 2024-nji ýylda gezelenç etmek üçin amatly şäherleriň sanawynda birinji orunda Naýrobi (Keniýa) gelýär. Gündogar Afrikanyň iň uly şäheri bolan Naýrobi ekwatoryň golaýynda ýerleşýär. Keniýanyň paýtagt şäheri milli seýilgähleri bilen tapawutlanýar. Şähere syýahata gelýänler 400-den gowrak ýabany haýwanlary we guşlary ýakyndan synlamak bilen bir hatarda, muzeýlere baryp afrikalylaryň milli gymmatlyklary bilen tanşyp bilýärler. Syýahatçylar Naýrobi şäherine «safari paýtagty» hem diýýärler. Meşhur ýerleri: Naýrobi milli seýilgähi, Jami metjidi, Keniýanyň milli muzeýi, Stenli myhmanhanasy, buz meýdançasy, welosiped meýdançasy.
Pariž (Fransiýa). Iň köp ady tutulýan şäherleriň biri bolan Pariž sanawda ikinji orunda gelýär. Bu şäherde syýahatçylar özleri üçin gyzykly başdangeçirmeleriň ählisini tapyp bilerler. Ýewropa Bileleşiginiň iň köp ilatly dördünji şäherine, esasan, ABŞ-dan, Angliýadan, Germaniýadan we Hytaýdan köp syýahatçy barýar. Şäherde 94 sany bäş ýyldyzly myhmanhana bolup, Eýfel diňi, Luwr muzeýi, Pompidou merkezi we Orse muzeýi iň köp adamly ýerlerdir. Meşhur ýerleri: Eýfel diňi, Luwr muzeýi, Wersal köşgi, Lýuksemburg bagy, Notr-Dam galasy.
Monreal (Kanada). Sanawda üçünji ýerde Monreal şäheri gelýär. Kanadanyň ikinji uly şäheriniň resmi dili fransuzça bolup, ilatyň ýarysyndan gowragy köp dilde gepleýär. Syýahatçylara düşünişmek babatda aňsat bolan bu şäherde kinodyr aýdym-saz sungaty we kompýuter oýunlary has ösen. Meşhur ýerleri: Monreal şekillendiriş sungaty muzeýi, Notr-Dam taryhy binasy, Žan-talon bazary, Monreal ylym merkezi, La Fonten seýilgähi.
Sanaw yzygiderli tertipde Mostar (Bosniýa we Gersegowina), Filadelfiýa (ABŞ), Manaus (Braziliýa), Jakarta (Indoneziýa), Praga (Çehiýa), Izmir (Türkiýe) we Kanzas-Siti (ABŞ) şäherleri bilen jemlenýär.