
Baýdak ýurduň milli aýratynlyklaryny görkezýän döwlet nyşanlarynyň biridir. Haýsydyr bir döwletiň baýdagyny göreniňde, şol ýurt baradaky aýratynlyklar we millilikler göz öňüňde janlanýar. Esasan hem, halkara sport ýaryşlarynda döwlet baýdaklarynyň görkezilişi has ýörgünlidir. Baýdaklaryň köpüsi biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, käbiri meňzeşligi taýdan saýgarmakda kynçylyk döredýär. Gazetimiziň şu sanynda dünýä döwletlerindäki meňzeş baýdaklar baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Çad – Rumyniýa. Dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň hiç biri-de bu ikisi ýaly biri-birine meňzemeýär. Bu baýdaklaryň bezegi we ululygy birmeňzeş bolup, diňe ýakyndan synlamak arkaly gök, sary we gyzyl dik zolaklaryň arasyndaky kölegeli tapawudy saýgaryp bolýar. Rumyniýanyň baýdagy dik gök, sary we gyzyl zolaklara esaslanylyp 1861-nji ýylda döredilýär. Asyl bezeginde ýaşyl dik zolagy bolan Çadyň baýdagy gök zolak bilen çalşyrylyp, 1959-njy ýylda parlap başlaýar.
Indoneziýa – Monako. Günorta-gündogar Aziýa döwleti bilen Günorta Ýewropa döwletiniň baýdaklary keseleýin gyzyl we ak zolakdan ybarat bolup, Indoneziýanyň baýdagy uzynlygy bilen tapawutlanýar. Polşanyň baýdagy hem bu döwletleriň baýdagyna meňzeş bolup, ak we gyzyl zolaklaryň ýeriniň çalşyrylmagy bilen tapawutlanýar.
Irlandiýa – Kot-d’Iwuar. Bu iki döwletiň baýdagy parlap duran wagty saýgarmakda kynçylyk döretse-de, adaty ýagdaýda ýaşyl, ak we narynç zolaklaryň ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Irlandiýanyň baýdagynda zolaklaryň tertibi ýaşyl, ak we narynç görnüşde bolup, Kot-d’Iwuaryň baýdagynda bu reňkli zolaklar tersine ýerleşýär.
Täze Zelandiýa – Awstraliýa. Iňlis dilli döwletler bolan Täze Zelandiýanyň we Awstraliýanyň baýdaklary köp babatda meňzeş bolsa-da, ýyldyzlarynyň ýerleşişi hem-de sany bilen tapawutlanýar. Awstraliýanyň baýdagynda bäş sany ýedi burçly ak ýyldyz, Täze Zelandiýanyň baýdagynda dört sany bäş burçly gyzyl-ak ýyldyz bar. Şeýle hem Awstraliýanyň baýdagynda umumy arkalaşygy aňladýan has uly altynjy ýyldyz hem bar.
Lýuksemburg – Niderlandlar. Günbatar Ýewropa döwletleri bolan «goňşularyň» baýdaklary biri-birine gaty meňzeş bolup, keseleýin gyzyl, ak we gök zolaklar ýerleşýär. Ýöne bu döwletleriň baýdaklaryndaky zolaklar reňkiniň goýulygy we açyklygy bilen tapawutlanýar.
Senegal – Mali. Reňklerinde biraz kölege tapawudy bar diýäýmeseň, bu iki döwletiň baýdaklary ýaşyl, sary we gyzyl dik zolaklary bile paýlaşýarlar. Mundan başga-da, Günbatar Afrika döwleti bolan Senegalyň baýdagy merkezindäki ýaşyl ýyldyzy bilen Maliniň baýdagyndan tapawutlanýar.
Norwegiýa – Islandiýa. Demirgazyk Ýewropa ýurtlary bolan Norwegiýa we Islandiýanyň baýdaklary bezeg babatynda meňzeş bolup, biriniň ýerligi gyzyl, beýlekisiniňki gök, birinde gök haç hem-de beýlekisinde gyzyl haç şekillendirilipdir. Daniýanyň baýdagy hem ýerligi gyzyl, ak haçly şekili bilen bu ýurtlaryň baýdagyna meňzeýär.


Meksika – Italiýa. Saýgarmakda köplenç kynçylyk döredýän baýdaklaryň biri bolan Meksika bilen Italiýanyň baýdagy dikligine ýaşyl, ak we gyzyl zolaklardan ybarat bolup, Meksikanyň baýdagy merkezindäki gerbi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, Meksikanyň baýdagy Italiýanyň baýdagyndan has uzyndygy bilen tapawutlanýar.
Lihtenşteýn – Gaiti. Ýewropanyň kiçijik döwleti bolan Lihtenşteýn bilen Latyn Amerikasy ýurdy Gaitiniň keseleýin gök we gyzyl zolakdan düzülen baýdaklary ilkibaşda biri-birine juda meňzeş bolupdyr. 1936-njy ýylda Berlinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşan Lihtenşteýn baýdagynyň Gaitiniň baýdagy bilen meňzeşdigini görýär. Hatda şol Olimpiadada emin agzalarynda hem-de janköýerlerde bu iki baýdagy tapawutlandyrmakda kynçylyklar ýüze çykýar. Netijede Lihtenşteýn Gaitiden tapawutlanmak üçin 1937-nji ýylda döwlet baýdagynda täjiň şekilini ýerleşdirýär. Gaiti hem soňlugy bilen baýdagynyň merkezinde garaşsyzlygy alamatlandyrýan palmaly gerbiniň şekilini girizýär.
Wenesuela – Ekwador – Kolumbiýa. Keseleýin sary, gök we gyzyl zolaklary bolan bu ýurtlaryň baýdaklary üç reňkiň bölünişi bilen tapawutlanýar. Kolumbiýa bilen Ekwadoryň baýdagyndaky sary zolak has inli bolup, Wenesuelanyň baýdagyndaky zolaklar deň bölünipdir. Mundan başga-da, Wenesuelanyň baýdagynyň merkezinde ýaý şekilinde ýyldyzlar hem-de ýokarky burçunda gerb bar. Ekwadoryň baýdagynyň merkezinde hem ýurduň gerbi şekillendirilipdir.
Sloweniýa – Russiýa – Slowakiýa. Keseligine ak, gök we gyzyl zolaklary bolan bu ýurtlaryň baýdaklary reňk babatda meňzeş bolup, Russiýanyň baýdagy has uzyndygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, Slowakiýanyň we Sloweniýanyň baýdaklarynda milli gerbleri ýerleşdirilipdir. Bu döwletleriň baýdaklaryndaky zolaklaryň tersine – gyzyl, gök we ak görnüşinde ýerleşdirilen Horwatiýanyň we Serbiýanyň baýdaklary hem bar.
Bangladeş – Ýaponiýa. Iki Aziýa döwletiniň hem baýdagynyň merkezinde uly gyzyl nokat bolup, Bangladeşiň baýdagyndaky bu alamat ýurt garaşsyzlygyny, Ýaponiýanyň baýdagyndaky bolsa, «Gün ülkesi» diýen manyny aňladýar. Bu ýurtlaryň baýdaklary reňki bilen tapawutlanyp, Bangladeşiň baýdagy ýaşyl, Ýaponiýanyň baýdagy bolsa akdyr.
PDF








