Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ösüş ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hormatly Prezidentimiziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen aja­ýyp ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan Mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar.
Go­laý­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­ly­gyn­da Mas­la­hat­lar mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne «Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.
Ýur­du­my­zy dep­gin­li ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni iň ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len bu Mak­sat­na­ma Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­mak bi­len, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan Mak­sat­na­ma­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ma­ly iş­ler bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
«Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­syn­da» dur­muş hä­si­ýet­li mak­sat­lar öňe sü­rül­ýär. Tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne we ila­ty­my­zyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­nyň berk üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­re uly üns be­ril­ýär. Ma­ýa go­ýum­lar dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň, şol san­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, aý­ra­tyn mä­täç­lik çek­ýän ra­ýat­lar üçin ni­ýet­le­nen ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, suw, gaz, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň, ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň, suw aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň, ulag we beý­le­ki dur­muş hyz­mat­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýär.
Mej­li­siň do­wa­myn­da ge­çen ýyl­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 2023-nji ýyl­da ön­dü­ri­len se­na­gat önüm­le­ri­niň möç­be­ri­niň 3 es­se­den gow­rak kö­pe­len­di­gi­ne üns çe­kil­di. Gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ka­da­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýän ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­le­ri ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Şeý­le­likde, ama­la aşy­ryl­ýan iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty, mil­li we da­şa­ry ýurt pu­lun­da iri ma­ýa go­ýum­la­ryň go­ýul­ma­gy se­na­gat we me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň – tä­ze kär­ha­na­la­ryň, za­wod­la­ryň, fab­rik­le­riň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, oba­la­ryň we şä­her­le­riň has köp san­ly­sy­nyň gu­rul­ma­gy­na ýar­dam eder.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hormatly Prezidentimiziň ýaş­la­ra bil­dir­ýän yna­my bi­zi nu­ra­na gel­je­giň bäh­bi­di­ne dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te, döw­re­bap bi­lim we ylym al­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly aja­ýyp ki­ta­by biz – ýaş­la­ry tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýaş nes­liň bag­ty­ýar dur­mu­şy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler adam ha­kyn­da­ky ala­da­nyň ýur­du­myz­da ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Biz hem gel­jek­ki ýaş hü­när­men­ler hök­mün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­na buý­sa­nyp, Gahryman Arkadagymyzyň gym­mat­ly mas­la­hat­la­ryn­dan ugur alyp, yh­las­ly oka­jak­dy­gy­my­za we mak­sa­da ok­gun­ly zäh­met çek­jek­di­gi­mi­ze ynan­dyr­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris.

Sanjar Sadullaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.