Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy “MWC 2024” sergisinde dury ekranly noutbugynyň nusgasy bilen tanyşdyrdy. Ulanyjy dury displeýe eýe bolan ekranyň aňyrsyndaky zatlary hem görüp bilýär. Kompaniýada şeýle enjamyň ekranyň aňyrsynda ýerleşýän zatlaryň suratyny çekmek üçin suratkeşlere peýdaly boljakdygyny aýtdylar. Şeýle-de kompaniýada noutbugyň ýakyn günlerde satuwa çykarylmajakdygyny aýtdylar.