2026-njy ýylyň parahatçylyk ugry boýunça halkara Nobel baýragyna Nobel baýragyna Günorta Afrika Respublikasyndan bolan meşhur hukuk goraýjy zenan Nawi Pilleý mynasyp boldy. Bu abraýly sylag oňa halkara hukugynyň ösmegine goşan uly goşandy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary üçin berildi.
Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Ýorgen Watne Fridnes baýragy yglan edip, onuň aýratyn mertlik we ýörelgeli garaýyşlar arkaly ählumumy dünýä hukuk tertibiniň berkidilmegine goşant goşandygyny belledi. Komitetiň başlygy laureatyň halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmeginde we jogapkärçiligi üpjün etmekde möhüm rol oýnandygyny nygtady.
Hukuk goraýjy ulgamdaky köp ýyllyk zähmet ýolunda Nawi Pilleý Günorta Afrika Respublikasynda adalatlylyk ugrundaky hereketleri goldapdy, şeýle hem ýurduň Ýokary kazyýetinde, Halkara jenaýat kazyýetinde we halkara tribunalarynda abraýly wezipelerde işledi. Ol 2008-2014-nji ýyllarda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary wezipesini eýeledi, şeýle hem ýyllaryň dowamynda dürli halkara barlag komissiýalaryna ýolbaşçylyk etdi.
Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen sosial ulgamlarda ýüzlenme ýazyp, laureaty gutlady we onuň adalatlylyk, parahatçylyk hem-de adam mertebesi ugrundaky asylly işlerini ýokary baha berdi.
Nobel gaznasynyň belleýşine görä, bu ýyl baýragyň 125 ýyllygy mynasybetli pul sylagynyň mukdary artdyrylyp, her kategoriýa boýunça 12 million şwed kronyna (takmynan 1,07 million ýewro) ýetirildi. Gaznanyň ýerine ýetiriji direktory Hanna Stýerne pul mukdarynyň ýokarlandyrylmagynyň Nobel baýragynyň uzakmöhletleýin ähmiýetini we wagtyň geçmegi bilen öz gymmatyny saklamagyny üpjün edýändigini mälim etdi.
PDF








