5-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Aşgabatda geçiriljek owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralýan birža söwdalary geçiriler. Göçme birža söwdasyna esasan nebit-himiýa, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we oba hojalyk pudagyna degişli bolan önümler çykarylar. Birža söwdalary sagat 11:00-da başlanýar. Gatnaşyjylary hasaba almak sagat 10:30-da başlanýar.
Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakda görkezilen salgylar we telefon belgiler arkaly habarlaşyp bilerler.
Telefon belgiler: +993 12-44-61-16, +993 12-44-66-10.
E-mail: info@exchange.gov.tm
brokers@exchange.gov.tm