«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilip, «Näme üçin ozon gatlagyny goramak möhüm?» diýen temany öz içine alýar.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak isleýänler öz makalalaryny türkmen, rus ýa-da iňlis dilleriniň birinde taýýarlap bilerler. Hödürlenýän işler A4 formatda, 14-nji şrift ölçeginde taýýarlanmaly, göwrümi azyndan 2 sahypadan ybarat bolmalydyr. Ýazylan makalalar 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Hödürlenýän işler guramanyň tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysyna ugradylmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işleri bilen bir hatarda ady, familiýasy, okaýan orta ýa-da ýokary okuw mekdebi, ýaşaýan salgysy we telefon belgisi baradaky maglumatlary hem goşmalydyrlar. Işler elektron poçtadan ugradylanda hatyň temasyna «Ozon makala» diýip ýazmak haýyş edilýär.
Bäsleşigiň jemleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Ýaşlary daşky gurşawy goramaga öz goşantlaryny goşmaga hem-de bu bäsleşige işjeň gatnaşmaga çagyrýarys!
Habarlaşmak üçin telefonlar: +(993 12) 37-46-78, +(993 64) 26-84-32.
PDF








