“Golf” sö­zi il­kin­ji ge­zek şot­land ýa­zuw çeş­me­le­rin­de 1457-nji ýyl­da ag­za­lyp, ol “ur­mak” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Sta­tis­tik mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Ýer to­ga­la­gy­nyň 50 mil­li­on tö­we­re­k ýa­şaý­jy­sy golf oý­ny bi­len gy­zyk­lan­ýar. Gol­fa meň­zeş oýun ba­ra­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­lar bol­sa, 1297-nji ýy­lyň 26-njy few­ra­ly bi­len se­ne­le­nip, gol­land­lar bu oý­ny ujy eg­ri ta­ýak we ga­ýyş top­da oý­nan eken­ler.
Bel­li bir ara­lyk­dan eg­ri ta­ýak bi­len top­ja­ga­zy ny­şa­na ura­n ýe­ňi­ji ha­sap­la­nyp­dyr. Ta­ryh­çy­lar XVII asyr­da Gol­lan­di­ýa­da we Şot­lan­di­ýa­da bu oý­nuň do­ly ýo­la goý­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Baş­ga bir mag­lu­mat­da bol­sa, bu oýnuň has ir­räk­le­rem Ýew­ro­pa yk­ly­myn­da oý­na­landygy bellenip geçilýär.
Lanç­žou uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Lin Hon­li­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, hä­zir­ki za­man gol­fu­na meň­zeş oýun Şot­lan­di­ýa­da dö­räp­dir di­ýil­ýän se­ne­den 500 ýyl öň, Hy­taý­da Tan di­nas­ti­ýa­sy döw­rün­de oý­na­lyp­dyr. Şot­lan­di­ýa­nyň ga­dy­my golf klu­bu­nyň we­kil­le­ri bol­sa, bu oý­nuň en­çe­me asyr­lar­dan bä­ri hem bar­dy­gy­ny, ýö­ne onuň hä­zir­ki 18 çu­kur­ly gör­nü­şi­niň di­ňe Şot­lan­di­ýa­da ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler.
Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki za­man golf oý­ny Şot­lan­di­ýa­da ýü­ze çy­kyp, oý­nuň ka­da­la­ry ýa­zuw ar­ka­ly be­ýan edi­lip­dir. Il­kin­ji golf ýa­ryş­la­ry dür­li şot­land şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär. Soň­lu­gy bi­len, golf oý­ny tu­tuş Ang­li­ýa, on­dan so­ňam bü­tin dün­ýä ýaý­rap ug­ra­ýar. Şot­lan­di­ýa­nyň Mas­sel­bo­ro şä­he­rin­dä­ki aý­law­da ýer­leş­ýän “Old Links” golf meý­dan­ça­sy iň ga­dy­my­sy ha­sap­lan­ýar. Mas­sel­bo­ro­da bu oý­nuň 1672-nji ýyl­da oý­na­lyp baş­lanan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Dür­li dö­wür­ler­de ta­pa­wut­ly bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, meý­dan­ça­da 18 çu­kur­jy­gyň bol­ma­gy ül­ňü­le­re la­ýyk ha­sap­lan­ýar. Golf üçin ni­ýet­le­nen top­ja­ga­zam dür­li dö­wür­ler­de dür­li gör­nüş­le­re eýe bo­lup, di­ňe 1930-njy ýyl­da ABŞ-nyň Golf bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan top­ja­ga­zyň öl­çe­gi­niň we ag­ra­my­nyň ül­ňü­le­re la­ýyk gör­nü­şi tas­syk­la­nyp­dyr.
Top­ja­ga­zy ur­mak üçin ni­ýet­le­nen ujy eg­ri ta­ýak il­ki-il­ki­ler mä­käm­li­gi üçin hur­ma aga­jyn­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Eý­ýäm 1890-njy ýyl­lar­da on­çak­ly ma­kul­lan­ma­sa-da, ol me­tal ta­ýak­lar bi­len or­nu­ny çal­şyp­dyr. 1970-nji ýyl­da mä­käm­li­gi we ýe­ňil­li­gi göz öňün­de tu­tu­lyp, gra­fit ula­nylyp baş­la­nyp­dyr. 1980-nji ýyl­dan soň berk­li­gi we yk­jam­ly­gy üçin “wo­od” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan me­tal ta­ýak­lar ula­ny­şa gi­ri­zi­lip­dir. Şu gün­ki gün­de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň esa­syn­da onuň sa­py­ny gra­fit­den, ga­ňyr­ça­gy­ny bol­sa, ýe­ňil ti­tan­dan ýa­sa­ýar­lar.
Mun­dan ozal Şot­lan­di­ýa­nyň Edin­burg uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry golf oý­nu­nyň adam öm­rü­ni azyn­dan al­ty ýyl uzald­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip­di­ler. Golf be­de­ne fi­zi­ki we psi­hi­ki taý­dan dog­ry ag­ram sa­lyp, di­ňe bir öm­ri uzalt­man, eý­sem, bir­nä­çe ke­sel­le­riň ösüş how­pu­nyň hem öňü­ni al­ýar. Ola­ryň ara­syn­da ýü­rek-da­mar ul­ga­my, süý­jü­ke­sel, in­sult, göw­nü­çök­gün­lik we de­men­si­ýa ýa­ly nä­hoş­luk­lar bar. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler adam­la­ra spor­tuň bu ýa­kym­ly gör­nü­şi­ni oý­na­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler, çün­ki bu oý­nuň yn­san öm­rü­ni uzalt­mak­da ägirt uly äh­mi­ýe­ti bar.
Rio – 2016 Olim­pia­da­sy bi­len tä­ze­den Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şu­lan golf spor­tun­da to­py nä­çe az ur­gy bi­len çu­kur­jy­ga gi­riz­mek esa­sy mak­sat bo­lup dur­ýar. Golf­çy­lar 3-5 sa­gat ara­ly­gyn­da do­wam ed­ýän 1 oýun­da 14 golf ta­ýa­gy­ny ulan­ýar. Şol ta­ýak­lar dür­li ur­gu­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin bir­nä­çe gör­nüş­de bol­ýar. Golf­çy­lar 1 oý­nuň do­wa­myn­da 11 ki­lo­metr tö­we­re­gi ýö­riş ed­ýär. Oýun­çy­la­ryň 1 ra­un­dyň do­wa­myn­da 60-dan az ur­gy bi­len ýe­ňi­ji bol­ma­gy ju­da seý­rek duş gel­ýän wa­ka­dyr. Golf iň köp düz­gü­ni bo­lan sport gör­nüş­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ha­sap­la­nyl­ýar. Esa­sy 34 uly düz­gü­ni we bir­nä­çe ki­çi düz­gü­ni özün­de jem­le­ýär. Golf spor­tu­nyň düz­gün­le­ri­ “St. And­rews Royal and Ancient Golf Club” bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ber­jaý edil­ýär. ABŞ-da 15 müň­den gow­rak golf meý­dan­ça­sy bo­lup, bu tu­tuş dün­ýä­dä­ki golf meý­dan­ça­la­ry­nyň 45 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Dün­ýä­de iň meş­hur golf meý­dan­ça­sy hök­mün­de ABŞ-nyň Jor­jiýa şta­tyn­da­ky “Au­gus­ta” ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ýer­de 1934-nji ýyl­dan bä­ri 4 uly bäs­le­şi­giň bi­ri bo­lan “The Mas­ters” ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär.
Gol­fuň iň gör­nük­li we­kil­le­ri hök­mün­de hä­zir hem çy­kyş ed­ýän Taý­ger Wuds, Fil Mi­kel­son, Adam Skott, Jor­dan Spiet, Ro­ri Ma­kIl­roý da­gy ha­sap­lan­ýar. Ir­ki dö­wür­le­riň meş­hur golf­çy­la­ry hök­mün­de-de Jek Nik­la­us, Ar­nold Pal­mer, Wal­ter Ha­gen, Ben Ha­gon, Ga­ri Ple­ýer da­gy­ny ag­za­mak bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da golf bo­ýun­ça 4 sa­ny uly bäs­le­şik – “Us­sat­lar” (Mas­ters) ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Olar “The Mas­ters” (ABŞ), “U.S. Open” (ABŞ), “The Open Cham­pions­hip” (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) hem-de “PGA Cham­pions­hip” (ABŞ) bäs­le­şik­le­ri­dir. Ola­ryň iň ga­dy­my­sy “The Open Cham­pions­hip” bo­lup, ol 1860-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Golf­da iň ýo­ka­ry utu­gy Taý­ger Wuds ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ol 1993-nji ýyl­da­ky “The Mas­ters” ýa­ry­şyn­da 270 utuk ga­za­nyp­dy.