1-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatda Germaniýanyň muzeýlerinde Parfiýa we Seljuk şalyklarynyň arheologik sergisini guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen Berlin şäheriniň Täze muzeýiniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly iş duşuşygynyň geçirilendigi barada aýdyldy.

Elektron neşirleriň sany artdyrylar
Şeýle-de, wise-premýer döwlet Maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.