1969-njy ýylyň 2-nji martynda sesden tiz hereket edýän ýolagçy uçary bolan “Concorde” Fransiýada ilkinji gezek synag uçuşyny amala aşyrdy. Bu ugurda häzire çenli şowly netije beren ýeke-täk uçar bolan howa gämisi 1973-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Atlantik ummanyny düşlemezden kesip geçýär. Fransuz-britan hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredilen howa gämisi Fransiýanyň “Sud Aviation” (soň ady “Aýrospatiale” diýlip üýtgedilýär) hem-de Beýik Britaniýanyň “British Aircraft Corporation” (BAC) kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlandy we öndürildi. Taslamanyň durmuşa geçirmek üçin ilkinji synanyşyklar 1954-nji ýylda başlanypdy. Ilkibaşda öndürijiler sesden çalt gidýän uçar bazarynyň 350 birlik boljakdygyny çaklaýardylar. Dünýäniň iri awiakompaniýalary bu uçardan 100 sanysyny sargyt etdiler.
Netijede, 92-128 ýolagçy orunlyk 20 uçar (altysy täjirçilik maksatly bolmadyk) öndürilýär. 2000-nji ýylda “Concorde” uçarynyň heläkçilige uçramagy bilen aşa ýokary tizlikli bu howa gämileriniň gatnawy bes edilýär. Sowet Soýuzy hem şol ýyllarda sesden çalt gidýän “Tupolew-144” uçaryny öndürýärler, emma bu tasama şowly netije bermeýär.