1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork aýlagynda Azatlyk heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu täsin ýadygärlik Fransiýa tarapyndan ABŞ-a iki ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde sowgat berildi. Heýkeli döretmek baradaky pikir Amerikanyň garaşsyzlygynyň ýüz ýyllygyny bellemek bilen baglanyşyklydy. Ol erkinligiň, garaşsyzlygyň we halklaryň arasyndaky özara hormatyň ähmiýetini görkezmek maksady bilen döredildi.
Bu ägirt uly ýadygärligiň taslamasyny fransuz heýkeltaraşy Frederik-Ogýust Bartoldi taýýarlady. Heýkeliň içki daýanç gurluşynyň işlenip düzülmegine bolsa meşhur inžener Gýustaw Eýfeliň ýolbaşçylyk edýän hünärmenler topary gatnaşdy. Misden ýasalan heýkeliň beýikligi binýady bilen bilelikde takmynan 93 metr ýetýär. Ol ilki Fransiýada bölekleýin taýýarlanyp, ABŞ-a eltilenden soňra ýygnaldy.
1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda heýkeliň dabaraly ýagdaýda resmi taýdan açyldy. Çärä köp sanly adam gatnaşdy we şol wagtky ABŞ-nyň prezidenti Grower Kliwlend hem dabarada möhüm orun eýeledi. Heýkeliň sag elinde ýokary galdyrylan alaw, çep elinde bolsa ýazgyly daş plita ýerleşýär. Alaw ýagtylygy we azatlygy aňladýar, plitadaky ýazgy bolsa Amerikanyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilen senesini — 1776-njy ýylyň 4-nji iýulyny görkezýär. Şeýle nyşanlar heýkeliň diňe bir sungat eseri bolman, eýsem çuňňur taryhy manyly ýadygärlikdigini hem görkezýär.
Şondan bäri Azatlyk heýkeli bütin dünýäde azatlygyň, parahatçylygyň we täze mümkinçilikleriň nyşany hökmünde tanalýar. 1924-nji ýylda heýkel ABŞ-nyň milli ýadygärligi diýlip yglan edildi, 1984-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Mähri Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.