1875-nji ýylyň 3-nji martynda Kanadanyň Kwebek şäherinde ýapyk binada hokkeý oýnalýar. Bu duşuşyk barada “Montreal Gazette” neşirinde habar berilýär. Duşuşygyň geçirilen “Victoria Skating Rink” üsti ýapyk buzly meýdançasy 1862-nji ýylda açylýar. Bina gyş paslynda tebigy buzuň üstünde typmaga mümkinçilik beripdir. Bu ýerde diňe buzuň üstünde geçirilýän ýaryşlar däl, eýsem, aýdym-sazly çykyşlar we beýleki baýramçylyk dabaralary hem geçirilipdir. Desga Kanadada elektrik energiýasy çekilen ilkinji desgadyr.
Suratda: 1893-nji ýyldaky duşuşykdan pursat.