Hytaý şu ýyl 100 kosmos uçuşyny amala aşyrmakçy hem-de orbita 300-den gowrak enjam çykarmakçy. Bu barada “24KZ” web saýty habar berýär. Şeýlelikde, Hytaý milli rekordyny täzelär. Geçen ýyl ýurt şeýle uçuşlaryň 67-sini amala aşyryp, ABŞ-dan soň ikinji orny eýeledi. Bu ýylky uçuşlaryň köp bölegini Hytaýyň döwlet raketa-kosmos korporasiýasy amala aşyrar. Mundan başga-da, ýurduň günortasyndaky Wençan şäherinde täze işewürlik kosmodromy gurulýar. Ol ýerden suwuk ýangyç bilen işleýän iki basgançakly täze “Long March 12” raketasyny uçurmak meýilleşdirilýär.