Italiýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda “Lasio” bilen “Milan” duşuşdy. Çekeleşikli we esasanam dartgynly geçen duşuşykda “Milan” soňky minutlarda geçiren goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Milana” ýeňiş getiren goly oýna soň goşulan Noa Okafor derwezä girizdi. Ol 88-nji minutda tapawutlandy. “Lasio” topary bolsa duşuşygy 3 oýunçy kem tamamlady. Rimlileriň 3 futbolçysy gyzyl kart aldy. Oýnuň 57-nji minutynda 2-nji sarydan soň Luku Pellegrini, 90+5-nji minutda Adam Maruşiç hem-de 90+7-nji minutda Matteo Genduzi gyzyl kart aldy we meýdançadan çykaryldy. Şunlukda, “Milan” çempionatda 2 oýundan soň ýeňiş gazanyp, utugyny 56-a çykardy. “Lasio” bolsa 40 utukda galdy.

“Serie A”-da 12 ýyldan soň bir oýunda bir klubuň 3 oýunçysy gyzyl kart aldy. Soňky gezek 2012-nji ýylyň noýabrynda “Bolonýanyň” 3-0 ýeňen duşuşygynda “Palermonyň” 3 futbolçysy gyzyl kart bilen oýundan çykarylypdy.