Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady. 6-njy marta çenli dowam edýän sergä Owganystandan 100-e golaý kompaniýa gatnaşyp, özüniň senagat, ýeňil we azyk senagaty, halyçylyk we beýleki ugurlarda öndürýän harytlaryny görkezýär.
Owgan harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Sergä Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Serginiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar harytlar bilen tanyşdylar. Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew owgan kompaniýalarynyň harytlary barada maglumat aldylar.

 

Sergi zalynyň diwarlyklarynda owgan kompaniýalarynyň azyk senagatyna degişli önümleri, el halylary, senetçilik önümleri, şaý-sepler, süýji-köke önümleri, ýeňil senagat, dokma önümleri, şeýle hem mermer we granit ýaly dag-magdan önümleri ýerleşdirilipdir. Şeýle hem sergä Owganystanyň birnäçe bank düzümine degişli banklar hem diwarlyklaryny açyp, öz mümkinçiliklerini görkezýär.

 

Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli hususy pudagyň wekilleriniň önümlerini hem-de owgan bazaryna niýetlenen türkmen dokma önümlerini hem görmek bolýar.
Sergi 6-njy marta çenli öz işini dowam eder.