Formula 1 boýunça 75-nji möwsümiň ilkinji ýaryşy Bahreýnde geçirilip, soňky 3 ýylyň çempiony Maks Werstappen ýeňiş gazandy. “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi 57 aýlawy 1 sagat 31 minut 44,742 sekuntda tamamlap, täze möwsüme-de ýeňiş bilen başlady. Bu onuň karýerasyndaky 55-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.
Ýaryşda ýeňijiden 22,457 sekunt yza galan topardaşy, meksikaly sürüji Serhio Peres 2-nji orna mynasyp boldy. “Ferrari” toparynyň ispan piloty Karlos Saýns Junioryň 3-nji bolan ýaryşynda toparyň beýleki sürüjisi, monakoly Şarl Lekler ýaryşy 4-nji orunda tamamlady. 5-6-7-nji ýerileri-de britaniýaly sürüjiler – Jorj Rassell (“Mercedes”), Lanod Norris (“McLaren”) hem-de Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) özara paýlaşdylar. “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastriniň 8-nji bolan ýaryşynda “Aston Martin Aramco” toparynyň sürüjileri – ispaniýaly Fernando Alonso bilen kanadaly Lans Stroll 9-10-njy orunlary eýeledi.
Möwsümiň 2-nji ýaryşy 9-njy martda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler.