Tennis boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen möwsümiň 10-njy we iň soňky “WTA 1000” ýaryşy bolan “Uhan Açykda” (Hytaý) polşaly Maýa Hwalinska ýeňiji boldy. 25 ýaşyndaky tennisçi finalda britaniýaly Sonaý Kartaly duşuşyp, garşydaşyny 3 setde ýeňdi. 2 sagat 43 minutda tamamlanan finalyň 1-nji setinde 24 ýaşyndaky Kartal 6:1 hasabynda üstün çykdy. Ýöne 2-nji setde 6:4, 3-nji setde 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Hwalinska WTA-nyň ýaryşlaryndaky ilkinji kubogyny asmana göterdi. Ol mundan öň şu ýylky “Rolan Garros”-da finala çykypdy.
Hwalinska karýerasyndaky ilkinji kubogyny “WTA 1000” ýaryşlarynda gazanan 4-nji zenan tennisçi boldy. Ondan öň Naomi Osaka, Bianka Andreesku hem-de Wiktoriýa Mboko ilkinji kubogyny “WTA 1000” ýaryşlarynda gazanypdy. Şunlukda, Hwalinksa WTA-nyň sanawynda 16-njy orundan 11-nji basgançaga beýgeldi. Ol ýarym finalda watandaşy Iga Şwentegi ýeňipdi.
PDF








