321-nji ýylyň 7-nji martynda Rim Imperatory Konstantin tarapyndan ýekşenbe güni ilkinji gezek dynç güni diýlip yglan edilýär. Şol gün Imperatoryň karary bilen döwlet edaralarynyň işgärleri işlemändir. Ýöne ilatyň aglaba köplüginiň gatnaşýan oba hojalyk işlerine hiç hili çäklendirmeler girizilmändir.