Şu gün ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Asylly däbe görä, baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Döwletimiziň baş baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşlar, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly watandaşlar gatnaşdylar.
Irden sagat 10:00-da başlan dabara milli teleýaýlymlarymyz arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi. Dabaraly çäre Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar.
Dabaranyň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan, parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy, ukyp-başarnyklary görkezilýär. Baýramçylyk maksatnamasynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, milli däp-dessurlary we sungaty hem giňden görkezildi. Ahalteke bedewleri, döredijilik toparlarynyň çykyşlary we ýaşlaryň gatnaşmagyndaky dabaralar ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklaryna bolan belent hormaty beýan etdi.
Şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralary geçirilýär.
PDF








