Ýer to­ga­la­gy­nyň üç­den iki bö­le­gi suw bo­lup, um­man­lar we de­ňiz­ler bi­len gur­şa­lan­dyr. Adam­lar bol­sa adat­ça, gu­ry ýer­ler­de ma­te­rik­ler­de we uly ada­lar­da ýa­şa­ýar. Em­ma bar­ma­sy kyn bo­lan has uzak ada­lar hem bar. Um­man­lar­da is­len­dik gu­ry ýer­den iň uzak­da­ky ýe­re bol­sa Ne­mo no­ka­dy di­ýil­ýär. Hiç hi­li ada we ýa­şa­ýyş bol­ma­dyk bu ýe­re «um­man­da­ky çöl» hem di­ýil­ýär. Um­man­la­ryň «guş uç­maz, ker­wen geç­mez» ýe­ri bo­lan Ne­mo no­ka­dyny 1992-nji ýyl­da hor­wa­ti­ýa­ly in­že­ner Hrwo­ýe Lu­ka­te­la tap­ýar. Ol bu ýe­ri tap­mak üçin ýö­ri­te komp­ýu­ter prog­ram­ma­sy­ny dü­züp­dir. Ne­mo la­tyn­ça­da «hiç kim» diý­me­gi aň­lad­ýar. Şeý­le hem bu at meş­hur fran­suz ýa­zy­jy­sy Žýul Wer­niň «Deň­ziň as­tyn­da 20 müň lýe» ese­ri­niň gah­ry­ma­ny ka­pi­tan Ne­mo ba­gyş­la­nyp goý­lup­dyr. Ol ýer hem hiç ki­miň bar­ma­ýan kün­je­gi bo­lan­soň, şeý­le at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Ne­mo no­ka­dy özü­ne iň ýa­kyn üç ada­dan 2688 kilometr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Onuň de­mir­ga­zy­gyn­da Dýu­si ada­sy, de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da Is­ter ada­la­ry­na de­giş­li Mo­tu Nui ada­jyk­la­ry we gü­nor­ta­syn­da An­tark­ti­ka­nyň go­la­ýyn­da­ky Ma­her ada­sy bar.
Ne­mo no­ka­dy gu­ry ýe­re şeý­le bir daş we­lin, hat­da ol ýe­re at­mos­fe­ra­nyň da­şyn­da­ky kos­mo­nawt­lar hem has ýa­kyn. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­dä­ki kos­mo­nawt­lar onuň «ba­ry-ýo­gy» 415 ki­lo­metr ýo­kar­syn­dan geç­ýär­ler. Bu ýer­de suw jan­dar­la­ry hem az. Se­bä­bi, bu ýer Ýu­waş um­ma­ny­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky güýç­li suw gir­da­by­nyň or­ta­syn­da ýer­leş­ýär. Aý­la­nyp du­ran güýç­li akym bol­sa, bu ýe­re iý­mit taý­dan baý su­wuň bar­ma­gy­na päs­gel­çi­lik dö­red­ýär. Gu­ry ýer­den uzak­da ýer­leş­me­gi bol­sa, or­ga­ni­ki mad­da­la­ryň ýel ar­ka­ly bar­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­me­ýär. Deň­ziň ýü­zün­dä­ki su­wuň tem­pe­ra­tu­ra­sy 5,8 de­re­je bo­lup, bu ýer­de baý su­was­ty ýa­şa­ýyş ýok. Şeý­le-de bol­sa, az san­ly jan­dar ýa­şa­ýar. Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky tek­to­nik gat­lak­lar­dan sy­zy­lyp çyk­ýan gyz­gyn suw we mi­ne­ral­lar kä­bir jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly şert dö­red­ýär. Ýa­şaý­şyň az­dy­gy hem-de gu­ry ýer­den uzak­dy­gy se­bäp­li ula­nyş­dan ga­lan kos­mos en­jam­la­ry bu ýe­re taş­lan­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, kos­mo­sa uçu­ry­lan dür­li ulu­lyk­da­ky en­jam­lar wag­tyň geç­me­gi bi­len ula­nyş­dan gal­ýar. Or­bi­ta­da beý­le­ki eme­li hem­ra­la­ra zy­ýan ýe­tir­mez­li­gi üçin ola­ryň kö­pü­si Ýe­re ge­ti­ril­ýär. Şeý­le ýag­daý­da köp­lenç Ne­mo no­ka­dy­na taş­lan­ýar. Em­ma Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na da­şar­dan gel­ýän is­len­dik zat kis­lo­ro­da de­ge­nin­de ýa­nyp baş­la­ýar. Eger aşa uly bol­sa, kä­bir bö­lek­le­ri ýe­re ge­lip ýet­ýär. Ki­çi­räk zat­lar bol­sa, ýa­nyp bu­ga­ryp gid­ýär. Şol se­bäp­li bu ço­la ýe­re kos­mos ga­lyn­dy­la­ry taş­lan­ýan hem bol­sa, ola­ryň di­ňe kä­bir ki­çi bö­lek­le­ri ge­lip düş­ýär. Ýew­ro­pa Kos­mos Agent­li­gi­ne de­giş­li kos­mos ýük gä­mi­si­niň, 140-dan gow­rak «So­ýuz» kap­su­la­sy­nyň we «Mir» kos­mos be­ke­di­niň bu no­ka­da dü­şü­ri­len­di­gi bel­le­nil­ýär.