Köp adamyň matematika bilen gyzyklanmagy halamaýan bolmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, ähli bilimleriň aňyrsynda ylmyň bu ugry ýatyr. Matematika bolmazdan, ylma degişli hiç zady göz öňüne getirip bolmaz diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Eýsem, bu sözüň köki nireden gelip çykdyka? Duruň, duruň, ilki men aýtjak! Matematika gadymy grekçedäki «men bilerin» diýmegi aňladýan «matesis» sözünden gelip çykýar. Bu söz wagtyň geçmegi bilen «mathematikós» görnüşine gelipdir. Bu söz bolsa, «öwrenmegi halaýan» diýmegi aňladýar. Eýsem, siz bir sagadyň näme üçin 60 minut ýa-da bir minutyň 60 sekuntdygy barada pikirlenip gördüňizmi?! Bu has irki döwürlerden bäri dowam edýär. Gadymy Mesopotamiýada döwlet guran Wawilonlar matematikada esasy san hökmünde 60-y saýlapdyrlar. Tegelegi 360 deň bölege bölýän, ýagny burçlary ölçemek üçin gradus hem şol döwürler kesgitlenipdir we häzire çenli hem dowam etdirilýär.
Eýsem, siz kwadrat köküň belgisiniň nädip döredilendigi barada eşidipmidiňiz?! Bu söz iňlis dilinde «kök» diýmegi aňladýan «root» sözüniň başyndaky «r» harpyna meňzedilip döredilipdir.
Rim sanlaryna bilýänsiňiz – I, II, III, VIII, X… Näme üçindir bu sanlar birden başlanýar. Eýsem, matematikada «0» hem bar ahyryn. Rim sifrlerinde «0» diýilýän san ýok. Döwrebap arifmetiki ulgamda rim sifrleri ýetmezçilik edendigi üçin «0» sany hem-de onluk ulgam, ýagny bölmekde we köpeltmekde ulanylýan sütünleýin ulgam oýlanyp tapylýar. Hiç hili bahasy bolmadyk bu sany Orta asyrlarda Gündogaryň görnükli alymy Muhammet al-Horezmi hem ulanypdyr. Bu sanlar Ýewropa arap ýurtlaryndan geçendigi sebäpli häzirki wagtda ulanýan sanlarymyza arap sifrleri diýilýär. Aslynda «0» sany barada matematikler has irki ýyllarda hem pikirlenipdirler. Meşhur grek alymy Aristotel noly nola bölüp bolmaýandygyny, şol sebäpli noluň san bolup bilmejekdigini aýdypdyr. San hökmünde kabul edilmedik hem bolsa, latynçada «nulla» sözi bolup, «nol» diýmegi aňladýar. «Sifr» sözi bolsa, arapçada «boş, hiç zat» diýmegi aňladyp, «syfr» sözünden gelip çykýar.
Matematikada nämälim sanlar adatça, x, y, z harplary bilen görkezilýär. Bu harplaryň saýlanmagynyň sebäbi bolsa, latyn elipbiýinde soňky ýerlerde bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.
1878-1955-nji ýyllarda ýaşap geçen amerikaly matematik Edward Kasner has uly sanlary aňlatmak üçin olary atlandyrmagy ýüregine düwýär. Bir gün 1 sanynyň yzyna 100 sany «0» (nol) ýazyp doganynyň çagasyndan oňa näme at goýmalydygyny soraýar. 9 ýaşly çagajyk «googol» diýip jogap berýär. Häzirki wagtda hem 10-yň 100-nji derejesi (10100) «googol» diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda internetiň iň köp ulanylýan saýty bolan «Google» hem ilkibaşda, «googol» ady bilen döredilýär.
Bir mysal
Kämahal çagalar biri-birine: «Içiňden bir san belle, ony ikä köpelt… çykan netije ilkinji bellän sanyňmy?» diýen ýaly täsin sowallar berýärler. Ine, şeýle sowallaryň birini Dattaraýa Ramçandra Kaprekar (1905–1986) atly hindi matematigi hem oýlap tapypdyr. Emma onuň tapan sany birneme çylşyrymlyrak. Ol 1949-njy ýylda 6174 sanyny orta atýar. Bu mysalda ilki bilen islendik dört sifrli sany almaly. Ýeke-täk şerti bir sifr ikiden köp gaýtalanmaly däl. Mysal üçin, 5464. Bellenen sandaky sifrleri uludan kiçä edip ýazmaly. Biziň bellän sanymyzda 6544 bolýar. Soňra bu sifrleri kiçiden ula edip ýazyp, hälki sandan çykarmaly. Ýagny 6544-den 4456-ny aýyrmaly. Netije 2088 bolýar. Soňra çykan sany hem edil şol tertipde ýazyp, hälki amaly gaýtalamaly. Bu amaly ýerine ýetirmegimizi dowam etdirsek, (iň köp 7 gezege çenli) 6174 bahasyny alyp bolýar. Biz ýokardaky amalymyzy dowam etdireliň. 8820-0288=8532, 8532−2358=6174. Görşümiz ýaly, üç basgançakda 6174 sanyny aldyk. Indi bolsa, 6174 sanynyň özüni alyp göreliň: 7641-1467=6174.