Ir za­man­lar­da bir gar­ga özü­niň daş keş­bin­den nä­gi­le bo­lup, beýleki guş­la­r ýa­ly owa­dan bo­la­sy ge­lip­dir. Gün­le­riň bir gü­ni ol to­ty­nyň ýa­nyn­da özü­niň bet­ny­şan­dy­gyn­dan zeý­re­nip, mat­la­by­ny ýaň­zy­dyp­dyr.
Gar­ga­ny üns­li diň­län to­ty bu me­se­lä­ni ta­wus bi­len mas­la­hat­laş­ma­gy, gö­zel­li­giň ga­dyr-gym­ma­ty­ny şonuň has gowy bil­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr. Şon­dan soň, öz sy­pa­tyn­dan göw­ni ge­çen ýaň­ky gar­ga ta­wu­syň ýa­ny­na ba­ryp, ar­zy­ny di­le ge­ti­rip­dir.
Ta­wus özü­niň ne­pis ýe­lek­le­ri­ni giň­den ýa­ýyp­dyr-da, ikir­jiň­len­män:
– Eý, gar­ga dost, ha­ky­kat­da, sen dün­ýä­niň iň bag­ty­ýar guş­la­ry­nyň bi­ri. Se­bä­bi hiç kim se­ni gö­zel­li­giň se­bäp­li kapasa ga­bap goý­ma­ýar. Dün­ýä­de iň süý­ji za­dyň bol­sa, er­kin­lik­di­gi­ni her­giz unut­ma­we­ri – di­ýip, bi­re­na­ýy ses­le­nip­dir.
Şon­da öz goý­be­ren ha­ta­sy­na dü­şü­nen gar­ga, öz ýag­da­ýy­na ýüz­de-müň şü­kür edip­dir-de, ol ýer­den uçup gi­dip­dir.

Hiç ha­çan özü­ňi­zi beý­le­ki­ler bi­len de­ňeş­dir­mäň! Bo­lan­ja za­da ka­na­gat edip, bag­ty­ýar ýa­şaň!