Oýun oý­na­mak ça­ga­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi üçin ze­rur­dyr. Her hal­kyň ga­dym­dan gel­ýän mil­li ça­ga oýun­la­ry bol­ýar. Şeý­le oýun­la­ryň bi­ri­ne «Skip­py Roo» di­ýil­ýär. Bu oýun Awst­ra­li­ýa­da­ky ça­ga­la­ryň ara­syn­da meş­hur­dyr. Ça­ga­lar tö­we­rek bo­lup ýe­re çom­ma­lyp otur­ma­ly. Ulu­la­ryň bi­ri ýa-da mu­gal­lym ça­ga­la­ryň bi­ri­ni «mö­jek» saý­la­ýar. Gy­zyk­ly ýe­ri, bu ýurt­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky oýun­lar­da saý­lan­ýan «mö­je­ge» «ken­gu­ru» di­ýil­ýär. Bu ýurt­da yz­ky aýak­la­ry bi­len uzak ara­ly­ga bö­küp bil­ýän ken­gu­ru at­ly jan­da­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny hem­mä­ňiz bil­ýän bol­sa­ňyz ge­rek. «Ken­gu­ru» saý­la­nan ça­ga gö­zü­ni ýu­mup, aşak ba­kyp otur­ýar-da, «Skip­py Roo, ken­gu­ru gü­nor­tan ys­sy­da uk­la­ýar, bir aw­çy gel­ýär, gaç, gaç, gaç!» di­ýip sa­na­waç aýd­ýar. Soň­ra bol­sa, mu­gal­lym ýa-da ulu­la­ryň bi­ri ça­ga­la­ryň bi­ri­ni gö­zi bi­len yşa­rat ed­ýär. Şol ça­ga «ken­gu­ru­nyň», ýag­ny or­ta­da gö­zü­ni ýu­mup otu­ran ça­ga­nyň eg­ni­ni el­läp, «Bil ba­ka­ly, se­ni kim tut­dy?» diý­ýär. «Ken­gu­ru» bol­sa onuň kim­di­gi­ni bil­mä­ge sy­na­nyş­ýar. Eger bil­se, ady tu­tu­lan ça­ga «ken­gu­ru» bol­ýar, bil­me­se, «ken­gu­ru» ça­ga oý­ny do­wam ed­ýär.
Bu oýun tä­ze synp­daş­la­ry­ňy­zy ta­na­mak ýa-da bir ýe­re myh­man­çy­ly­ga ba­ra­ny­ňyz­da ol ýer­dä­ki ça­ga­lar bi­len has ýa­kyn­dan ta­nyş­mak üçin örän gy­zyk­ly oýun­la­ryň bi­ri­dir.