(Tym­sal)

Se­kiz ýaş­ly Sal­li ene-ata­syn­dan Jor­jy gys­sag­ly ha­las et­me­li­di­gi ba­ra­da eşi­den­de ju­da ýaý­dan­dy. Onuň ji­gi­si­niň sag­lyk ýag­da­ýy gün-gün­den be­ter­leş­ýär­di. Jor­jy di­ňe gym­mat ope­ra­si­ýa ar­ka­ly ha­las edip bol­jak­dy, ýö­ne mu­ňa maş­ga­la­nyň ýe­ter­lik pu­ly-da, karz-ko­wal ede­re hiç kimi hem ýok­dy. Gün­le­riň bir gü­ni ka­ka­sy­nyň: «Ony di­ňe gud­rat ha­las edip bi­ler» di­ýip, la­py­keç­lik bi­len aý­dan söz­le­ri Sal­li­niň gu­la­gy­na il­di.
Şon­dan soň Sal­li öz ota­gy­na gys­san­dy. Şa­ýy­lyk ýyg­na­ýan ga­by­ny çy­ka­ryp, için­dä­ki şa­ýy­lyk­la­ry or­ta dök­di-de sa­na­ma­ga otur­dy. Ol ýyg­nan­ja şa­ýy­lyk­la­ry­nyň ba­ry­ny gy­sy­my­na alyp, uzak­da bol­ma­dyk der­man­ha­na ta­rap al­ňa­sa­dy. Ol der­man­ha­na gi­ren­de der­man­ha­na iş­gä­ri haý­sy­dyr bir sy­pa­ýy adam bi­len mas­la­hat edip dur­dy. Da­şyn­dan syn­la­nyň­da ala­da­ly gö­rün­ýän der­man­ha­na iş­gä­ri içe­rä gi­ren gyz­ja­ga­za bir­ba­da ün­sem ber­me­di. Bir­de­nem der­man­ha­na iş­gä­ri­niň göz­le­ri Sal­lä kak­lyş­dy:
– Ha­ny aýt ba­ka­ly, gyz­ja­gaz sa­ňa nä­me ge­rek? – di­ýip, der­man­ha­na iş­gä­ri özü­ni müýn­li ýa­ly syz­ýan Sal­lä se­ret­di. Sal­li:
– Meň ji­gi­miň – di­ýip, ýuw­dun­dy-da: – Meň ji­gi­miň sag­ly­gy go­wy däl, ma­ňa bir gud­rat ber­se­ne? – di­ýen­de se­si san­dy­rap çyk­dy.
– O nä­mäň gud­ra­ty, men-ä hiç za­da dü­şü­nen däl­di­rin – di­ýip, der­man­ha­na­çy gaý­gy­ly ýyl­gyr­dy.
– Ka­kam ji­gi­mi di­ňe gud­ra­tyň ha­las edip bil­jek­di­gi­ni aýt­dy, ýog­sa-da bir gud­ra­tyň ba­ha­sy nä­çekä? – di­ýen­de, der­man­ha­na iş­gä­ri gyz­ja­ga­za mä­hir we gy­nanç bi­len ga­rap:
– Ba­la­jyk, gy­nan­mak­dan öt­ri, biz bu ýer­de gud­rat sa­tam­zok, şo­ňa gö­rä-de, sa­ňa edip bil­jek kö­me­gi­miz ýok – diý­di-de, gür­rüň­de­şi bi­len söh­be­ti­ni do­wam et­dir­di. Ýö­ne Sal­li ni­ýe­tin­den aň­sat­lyk bi­len el çe­ker ýa­ly däl­di. Sal­li der­man­ha­na iş­gä­ri­ne ga­rap:
– Men­de pul bar. Ma­ňa di­ňe onuň ba­ha­sy­ny aýt­sa­ňyz bo­la­ny – di­ýdi. Şol wagt der­man­ha­na iş­gä­ri bi­len mas­la­hat­la­şyp du­ran sy­pa­ýy adam:
– Ýog­sa-da gyz­ja­gaz se­niň do­ga­ny­ňa nä­hi­li gud­rat ge­rek – di­ýip so­ra­dy.
– Bi­le­mok – di­ýip, Sal­li kem­şe­ren­de göz­le­riniň ýa­şy paý­rap gaýt­dy.
– Me­ň ji­gi­miň ýag­da­ýy agyr. Öý­dä­ki­ler ope­ra­si­ýa edil­me­se ony ha­las edip bol­ma­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar, maş­ga­la­my­zyň bol­sa oňa ýag­da­ýy ýok. Ka­ka­myň: «Ony di­ňe gud­rat ha­las edip bi­ler» di­ýen söz­le­ri­ni eşi­dip, ýyg­nan şa­ýy­lyk­la­ry­my alyp bu ýe­re gel­dim – di­ýip, Sal­li ba­şy­ny sal­la­dy.
– Bol­ýar, ha­ny seň nä­çe­räk pu­luň bar – di­ýip, sy­pa­ýy adam dil­len­di.
– Bu­lar bir dol­lar on bir sent! – di­ýip, gyz­ja­gaz gy­sy­myn­da­ky şa­ýy­lyk­la­ry oňa uzat­dy.
– Be­re­kel­la, bu­lar ji­gi­ňe ze­rur bo­lan gud­ra­ta ýe­ter­lik bo­lar – di­ýip, ýaň­ky adam kel­le­si­ni kak­dy-da Sal­li­niň elin­den tu­tup:
– Ha­ny ba­la, sen ma­ňa öý­ňü­zi gör­kez. Men seň do­ga­ny­ňy gö­re­ýin, şol ýer­de maş­ga­la­ňyz bi­len hem ta­nyş bo­la­ryn – diý­di.
Ha­wa, bu sy­pa­ýy adam Jorj üçin gys­sag­ly ope­ra­si­ýa­ny edip bil­jek meş­hur hi­rurg Karl­ton Armst­rong­dy.
… Şow­ly ta­mam­la­nan ope­ra­si­ýa­dan soň, has­sa­ha­na­da Sal­li­niň maş­ga­la­syn­dan hiç hi­li tö­leg al­ma­dy­lar. Olar şa­dy­ýan hal­da öý­le­ri­ne do­la­nan­la­ryn­da bo­lan zat­la­ryň tä­si­rin­den çy­kyp bil­me­dik ham­rak eje­si:
– Bo­lup ge­çen zat­la­ra yna­nar ýa­ly däl. Bu bir gud­rat! Olar iň bol­man­da ope­ra­si­ýa­nyň töleginiň nä­çedigini hem aýt­ma­dy­lar – di­ýip dy­lym-dy­lym et­di. Sal­li ýyl­gyr­ýar­dy. Çün­ki ol bu ope­ra­si­ýa­nyň nä­çä dur­ýan­dy­gy­ny ga­ty go­wy bil­ýär­di: bir dol­lar on bir sent!

Ter­ji­me eden An­na­gö­zel GUR­BA­NO­WA,
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­ra­by­ndaky 44-nji or­ta mek­de­bi­ň iň­lis di­li mu­gal­ly­my.