Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy hasaplanýan Halkara zenanlar güni dünýäniň dürli künjeginde dürlüçe bellenilýär. Bu senäniň taryhy barada aýdylanda bolsa, 1857-nji ýylyň 8-nji martynda ABŞ-da işçi zenanlaryň eden ýörişleri 1910-njy ýylda Kopengagende geçirilen Bütindünýä zenanlarynyň kongresinde Işçi zenanlar güni hökmünde bellenilýär. Ilkinji gezek 1909-njy ýylyň 28-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Zenanlar güni baýramçylyk hökmünde bellenilýär. 1975-nji ýylyň 8-nji martynda BMG tarapyndan bu gün Halkara zenanlar güni diýlip yglan edildi.
Aýal-gyzlaryň deň hukuklylygyny, erkinligini gorap saklamak maksady bilen döredilen bu halkara baýramçylyk her ýyl bir şygar astynda geçirilýär. Bu ýyl baýramçylygyň şygary «Zenanlara maýa goýuň: ösüşi çaltlandyryň!» bolup, dünýäde ykdysadyýetiň ösmeginde aýal-gyzlaryň möhüm ornunyň bardygy nygtalyp görkezilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli BMG tarapyndan dünýäniň birnäçe ýurdunda konferensiýalar, köpçülikleýin çäreler geçirilýär.