8-nji martda — Halkara zenanlar gününde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde bir sany 4 gatly, 64 öýli täze ýaşaýyş jaýynda öý eýelerine açarlary gowşurmak dabarasy boldy. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iki sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezindäki A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda dört sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy guraldy. Şeýle dabaralar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda we Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunyň ugrunda-da geçirildi. Bu ýerlerde, degişlilikde, üç sany 4 gatly, 24 öýli we bir sany 4 gatly, 32 öýli, bir sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli ulanmaga berilýän şeýle döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy düzülende we gurlanda, rahat ýaşamak hem-de dynç almak üçin amatly şertler göz öňünde tutulýar. Täze ýaşaýyş toplumlaryny ösdürmegiň meýilnamasy döwrebap durmuş infrastrukturasyny, ýaşaýjylaryň işjeň we netijeli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýär.