«Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabat — Milan — Aşgabat aralygyna täze howa gatnawyny ýola goýdy. Ýewropanyň gadymy şäherine ilkinji uçuşy agentligiň «Boeing 737-800» kysymly ýolagçy uçary amala aşyrdy.
Dostlukly Italiýanyň strategik ähmiýetli şäheriniň paýtagtymyz bilen göni howa gatnawy arkaly baglanyşdyrylmagy iki ýurduň arasynda ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde hem möhümdir. Bu waka şu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 32 ýyllygyna-da ajaýyp sowgat boldy. Howa gatnawy işewür düzümleriň wekilleri bilen bir hatarda, taryhy ýadygärliklere hem-de tebigy täsinliklere, häzirki zaman şähergurluşyk taslamalaryna baý iki ýurda — Italiýa we Türkmenistana syýahat etmek isleýän jahankeşdeler üçin-de oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda uçuşlaryň yzygiderli ýola goýulmagy Italiýanyň-da, Ýewropanyň-da senagat taýdan ösen şäheri — Milan bilen durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Munuň üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrýar. Hepdede iki gezek Aşgabat — Milan — Aşgabat ugry boýunça ýokary derejeli we elýeter bahaly göni uçuşlar hödürlenýär. Soňky ýyllarda petekleriň kassalarda hem-de onlaýn görnüşde satylmagy bolsa, ýolagçylar üçin has uly ýeňillik döredýär.