“Deňiz söwda floty” PJ, ähli gyzyklanýan we isleg bildirýän kompaniýalara Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça deňiz fider gatnawlary barada ýatladýar. Fider gatnawlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap amala aşyrylyp gelinýär.

Häzirki wagtda fider ulgamy –  halkara deňiz konteýner gatnawlaryny amala aşyrmakda esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Halkara fider gatnawlary yzygiderli gämi konteýner ugurlarynda umumy ýükleri netijeli daşamaga mümkinçilik berýär. Fider gatnawlar ulgamyny ýola goýmaklygyň esasy maksady iň amatly nyrhnamalary kesgitlemek bilen bir hatarda gämileriň işlerini dessin oňaýly guramak ukybydyr, bu bolsa gämi duralgalarynda garaşmaly möhletini aýyrmaga we gysga wagtda ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär.

Kadaly fider ugurlary hem sarp ediji, hem-de daşaýjy üçin bähbitli bolup, logistika pudagynyň iň täsirli ugurlarynyň biridir.

  1. Türkmenistandan üstaşyr geçirilýän ýükli we ýüksüz konteýnerler üçin:

Bellik

  1. Şu nyrhnamada görkezilmedik hyzmatlar üçin tölegler özara ylalaşylan nyrh boýunça alynýar.

* Fider (feeder) – portlaryň arasynda gämilerde harytlary (konteýnerleri) daşamak hyzmatyny amala aşyrýan deňiz göterijisi.

Çeşme: tca.gov.tm