Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen matematika boýunça IV Açyk halkara olimpiadanyň (OMOUS-2024) Halkara zenanlar gününde ýapylyş dabarasy geçirildi. Matematika boýunça halkara olimpiada dünýäniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şol sanda Türkmenistanyň talyplary gatnaşdy. Olimpiada Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Hytaý, Bolgariýa, Ispaniýa, Saud Arabystany we Indoneziýa ýaly döwletlerden 100-den gowrak talyp gatnaşdy.
Talyplar ýekebara hem-de toparlaýyn esasda ýaryşdylar. Olimpiada 2 dilde: türkmen we iňlis dillerinde geçirildi.
Halkara olimpiadanyň ýapylyş dabarasy aýdym-saza beslenip geçirildi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça ýekebara esasda 41 altyn, toparlaýyn esasda bolsa 6 altyn medal gazanyldy.
Türkmenistanyň talyplary 22 altyn, 51 kümüş we 96 bürünç medal gazandylar. Türkmen talyplary toparlaýyn esasda bolsa, 2 altyn, 5 kümüş we 7 bürünç medal gazandylar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl türkmen talyplary bu olimpiadada 20 altyn, 37 kümüş we 63 bürünç medal gazanypdy.