Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” hemra internetini ulanmaga rugsat berýän kanunçylyga üýtgeşmeler girizdi. Teklip edilen üýtgeşme aragatnaşyk hem-de sanlylaşdyrmak pudagynyň ösüşine gönükdirilendir. Senata ýollanan resminamada geostasionar däl hemra arkaly aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin 2026-njy ýyla çenli ýörite düzgünleşdirmegi göz öňünde tutulýar. Deputatlar hem dürli daşary ýurt kompaniýalaryndan şeýle hyzmatlary ulanmak üçin hukuk modeliniň zerurlygyna ünsi çekdiler. “Starlink” emeli hemra enjamlarynyň ilki bilen medeni zolakdan uzakdaky oba mekdeplerinde ornaşdyrylmagy, olardan okuwçylaryň, mugallymlaryň we oba ýaşaýjylarynyň ulanmaga üiçn mümkinçilik döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Geçen ýylyň dekabrynda Özbegistanda “Starlink” ulgamynyň işe girizilmeginiň iki ýyl yza süýşürilendigi habar berlipdi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna internet çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge kömek bermek niýeti barada söhbet edildi.
Şanazar HYDYROW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy.