1990-njy ýyldan bäri semizleriň sany iki esse artdy, planetanyň her sekizinji ýaşaýjysy bolsa, artykmaç agramdan ejir çekýär. 2022-nji ýylda dünýäde semizleriň sany bir milliarddan geçdi diýip, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berýär.
Guramanyň Baş sekretary Tedros Adhanom Gebreýesusyň aýtmagyna görä, soňky onýyllykda artykmaç agramly uly ýaşlylaryň sany iki esse, çagalaryň we ýetginjekleriň sany bolsa, dört esse artdy. Şeýle hem ol semizligiň ýürek-damar kesellerine, diabetiň we düwnügiň birnäçe görnüşlerine sebäp bolup biljekdigini belledi.
Tedros Gebreýesus täze ylmy barlaglar arkaly semizligiň çagalykdan öňüni almaga hem-de ululary fiziki işjeňligiň üsti bilen zyýany azaltmaga çagyrdy.