Beýik Britaniýada ýaşaýan Hýugo atly dörtýaşar şaýr tohumly at gerşiniň 199 santimetrlik belentligi bilen dünýäniň iň beýik aty diýlip ykrar edildi we ol henizem ösmegini dowam etdirýär. Eýesi Brett Mastersiň bellemegine görä, bu äpet at 8,5 ýaşyna çenli boý almagyny dowam etdirip biler, şonuň üçin hem onuň saglygy weterinarlar we hünärmenler tarapyndan berk gözegçilikde saklanyp, ýörite çykyşlara taýýarlanýar.
PDF








