1702-nji ýylyň 11-nji martynda Britaniýanyň ilkinji gündelik, ýurduň ähli çäginde ýaýradylýan gazeti “The Daily Courant” çykýar. Bir kagyzdan ybarat bolan gazetiň arka ýüzünde mahabat ýerleşdirilipdir. “Courant” şotlandçada gazet ýa-da “tazelikler kagyzy” diýmegi aňladýar. Gazeti neşirçi zenan Elizabet Mallet çykarýar. Mallet gazetini “diňe daşary ýurt habarlaryny çykarjakdygyny hem-de öz teswirini goşmajakdygyny aýdyp” mahabatlandyrýar. Mallet gazeti 40 günden soňra gazet Samuel Bakli atly başga birine satýar. “The Daily Courant” 1735-nji ýyla çenli, “Daily Gazetteer” neşiri bilen birleşdirilýänçä çap edilýär.