Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda ulaglaryň emissiýasyna degişli “Euro 7” standartlaryny tassyklady. Fransiýanyň Strazburgda şäherindäki Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasyndaky mejlisde täze “Euro 7” standartlary düzgüni sesleriň köplügi bilen kabul edildi. Täze düzgüne görä, “Euro 7” standarty bilen awtoulaglar we kiçi ýük ulaglary üçin bar bolan “Euro 6” synag şertleri we tüsseçykar emissiýa çäkleri saklanyp galar. Awtobuslar we uly ýük ulaglary üçin bolsa, “Euro 6” standartlary saklanyp galyp, tüsseçykar emissiýasy hakyky sürüş şertlerinde ölçener we has berk çäklendirmeler giriziler. Şeýle hem awtoulaglar we kiçi ýük ulaglary üçin togtadyjy bölejik emissiýa çäkleri bilen elektrik we gibrid ulaglaryň batareýasynyň çydamlylygyna degişli şertler giriziler. Ulaglaryň emissiýa çäkleri, uglerod emissiýasy, ýangyç sarp edişi, elektrik sarp edişi, bir gezekki zarýady bilen geçýän ýoly, batareýasynyň çydamlylygy ýaly maglumatlary öz içine alýan Daşky gurşaw ulag pasporty hem dörediler.
“Euro 7” düzgünleri agza ýurtlaryň milli parlamentlerinde tassyklanandan soňra metbugatda çap edilip, güýje giriziler. Täze düzgünleriň awtoulaglar üçin 2030-njy ýyldan başlap güýje girizilmegine garaşylýar.