Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň bu kitabynda Beýik Ýüpek ýoluna ajaýyp taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýar. Awtor baý medeni mirasa eýe bolan hem-de geljekki nesilleriň bu hazynany öwrenmegi we goramagy üçin uly tagallalary edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mysalynda gadymy dünýäniň bu ajaýyp hadysasynyň nähili çuňňur yz goýandygyny açyp görkezýär. Täze neşiriň girişinde bellenilişi ýaly, “Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir”.
Awtoryň döredijilik pikiri “Jeýhunyň ýakasy”, “Gadymy Merw”, “Sarahs bilen Änewiň aralygynda”, “Nusaýdan Dehistana çenli”, “Daşoguzyň gadymy topragynda”, “Ertekiler dünýäsinde” atly alty baby özünde jemleýän bu kitabyň gurluşynda-da öz giň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Gündogardan Günbatara uzaýan çäginiň bu özboluşly syny gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” özünde jemleýär.