Hyýar giňden ýaýran gök önümleriň biridir. Golaýda ABŞ-nyň Merilend uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaglarda onuň birgiden aýratyn häsiýetlere eýedigi belli boldy. Bilermenler iýmit siňdirişe işjeň gatnaşýan hem-de bedeniň madda çalşygyna ýardam berýän bu önümiň gündelik iýmit sanawyna goşulmagyny teklip etdiler.
Şeýlelikde, horlanmak isleýänlere hem hyýar iýmek maslahat berilýär. Şunuň bilen birlikde, hyýar nepesiňi durlamaga ýardam edip, onuň düzüminde agyz boşlugyndaky ýaramaz yslara sebäp bolýan bakteriýalaryň hereketini güýçden gaçyrýan maddalar bar. Bulardan başga-da hyýar gandaky rak öýjükleriniň işjeňligini basyp ýatyrýar. Şeýle hem, ol damarlary holesteriniň çökündilerinden arassalap, insuliniň – garynasty mäz gormonynyň işläp çykmagyna ýardam berýär.
Şol bir wagtyň özünde Merilend uniwersitetiniň hünärmenleri fermentirlenen önümleriň hem-de ruhy ýagdaýyň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýüze çykardylar. Täze barlaglarda yzygiderli duzly hyýar iýýänleriň, ony halamaýanlara garanyňda, ynjalyksyzlygynyň derejesi pes bolup çykdy. Barlag geçirijileriň aýtmaklaryna görä, fermentirlenen önümleriň düzümindäki mikrobedenleriň abatlygy üçin zerur bolan probiotikler içegeleriň mikroflorasyny kadalaşdyrýar. Megerem, onuň netijesinde, ynjalyksyzlygyň derejesi pese düşýär.