Amerikan alymlarynyň pikirine görä, günebakar çigidi garrylyk prosesini haýalladýar. Olar hatda az mukdarda ulanylan halatynda hem özüniň ýeterlik derejede täsirini ýetirýär diýip, ZIW saýty ýazýar. Çigit çig we arassalanmadyk bolsa, has gowusydyr. Çünki onda fosfolipidleriň has ýokary toplumy, ýaglary köýdüriji witaminler we stirollar saklanýar.
Hasaplamlara görä, ol ömri uzaldýar, juwanlygy goraýar we saglygy berkidýär. Şonuň ýaly hem günebakar çigidinde kaliý we magniý saklanyp, ýürek-damar ulgamy üçin has-da möhümdir. Lukmanlar çigidiň aterosklerozda, bagyr kesellerinde we öt haltasynyň ýollaryndaky näsazlyklarda has-da peýdalydygyny tassyklaýarlar. Şeýlelikde, kaliý we magniý damarlaryň we deriniň çeýeligini goramaga oňaýly täsir edýär. Günebakar çigidinde E witamini bolup, deriniň garramagyny haýalladýar. Düzüminde sink saklaýanlygy üçin ol saçlaryň ösüşinde, onuň düýbüniň berkemeginde peýdalydyr. Ýöne ol özüniň has ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin 100 gram günebakar çigidinde etdäkiden 4 esse, çörekdäkiden hem üç esse köp kaloriýa bar.