Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatdan tygşytly peýdalanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan, öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslandyrylan «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bu taglymatyň netijesinde ata Watanymyzyň ekoulgamy ýylsaýyn baýlaşýar, halkymyzyň saglygyna hem oňaýly täsir edýär.
Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Ýurdumyzda ilatyň durmuş abadançylygy ekologiýa abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ony has-da baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär, şunuň bilen baglanyşykly giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen tebigatyny, onuň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak, geljekki nesillere miras goýmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, raýatlarymyz üçin amatly howa gurşawyny döretmäge gönükdirilen wezipeler üstünlikli çözülýär. Ozaly bilen, ol ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir. Ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar bu günki gün has-da kämilleşdirilýär, her ýylda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine itergi berýär.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Karary her birimizde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp, welaýatlaryň häkimliklerine-de edil şonça saýaly, pürli we miweli baglaryň, şeýle-de üzüm nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi öňden bar bolan gök zolaklaryň üstüni ýetirip, türkmen tebigatynyň has-da gözelleşmegine, ak bazarlaryň datly miweler bilen baýlaşmagyna getirer.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralaryna halkymyz her ýyl agzybirlik bilen gatnaşýar. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilýän millionlarça düýp agaç nahallary, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik çaýýar. Tebigat bilen ene topragyň syrly dünýäsinden, halkyň asylly zähmetinden döreýän bu ajaýyplyk güýjüňe güýç goşup, ruhubelentlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramak göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Ylmy gazanylanlaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp peýdalanylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Howanyň arassalygyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, ýörite çäreler durmuşa geçirilýär. Ýerleriň melioratiw meselelerini çözmekde innowasion çemeleşmelere, ylmyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan iri suw hojalyk taslamalary toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.
Oguljemal PAŞYKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.