Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz döw­le­ti­miz yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, se­na­gat­laş­ma­gy iler­let­mek, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ulag-lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek we oba ho­ja­ly­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm ugur­la­ra aý­ra­tyn üns ber­ýär. Ýur­du­myz­da gu­rul­ýan döw­re­bap des­ga­lar, tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry, hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri, bi­lim we me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­dir.
Ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li ýurt­la­ryň ara­syn­da ulag ýol­la­ry­ny peý­da­lan­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar we şu esas­da hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Bu gat­na­şyk­la­ry we döw­le­ti­mi­ziň öz için­dä­ki do­la­ny­şy­gy alyp bar­mak­da, önüm­çi­li­gi re­je­li ýer­leş­dir­mek üçin ulag se­riş­de­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Dün­ýä­de ulag ýol­la­ry­nyň kö­pu­gur­ly­ly­gy, hi­li we tiz­li­gi esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da aý­gyt­ly orun eýe­le­ýär. Dün­ýä tej­ri­be­si­ne ser sal­sak, ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­le­şen ýurt­lar­da we se­bit­ler­de ösen ulag top­lu­my­ üs­ta­şyr ýük­ler­den goş­ma­ça gir­de­ji al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­kyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Aw­to­mo­bil ýol­la­ry mi­nistr­li­gi­ne umu­my uzyn­ly­gy 546 ki­lo­metr bo­lan Aş­ga­bat – Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony gur­mak, onuň ug­run­da umu­my uzyn­ly­gy 812 metr bo­lan aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony gur­mak, köp­rü­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak ba­ra­da şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Bi­li­şi­miz ýa­ly, Ahal, Ma­ry hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­ny ýur­du­my­zyň paý­tag­ty bi­len bir­leş­dir­ýän Aşgabat – Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly ula­n­ma­ga be­ril­di. Bu ýol­la­r ýo­lag­çy­la­ryň we ýük­le­riň örän gys­ga wagt­da gat­na­dyl­ma­gy­ny üp­jün edip, Di­ýa­ry­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny, lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­dy.
Ýurdumy­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de bar­ha ro­waç­lan­ýan ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my mö­hüm we gel­je­gi uly bo­lan ugur bol­mak bi­len, dün­ýä­ döw­let­le­ri­ bi­len öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň we ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösüş­le­ri­niň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na öw­rül­ýär.
Goý, ýur­du­my­zy ösüş­le­riň röw­şen ýo­ly bi­len öňe alyp bar­ýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Amantäç Annagulyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri.