Bir sapar ogly kakasynyň ýanyna maslahata gelipdir:
– Kaka, görýän welin, meňki ýene-de ugruna bolanok. Bu türgenleşikler diňe surnukdyrýar, netijeler bolsa, üýtgänok. Göwnüme bolmasa, men futbol üçin ýaradylmadyk ýaly, meniň arzuwlarym bolsa, amala aşjaga meňzänok.
Kakasy ogluna seredip, hoşamaýlyk bilen şeýle diýipdir:
– Bilýäňmi, oglum, durmuşda her bir adamyň arzuw-islegleri, maksatlary bolýar. Hut şolar hem bize söýýän işimizi etmäge güýç berýär, sebäbi ol şeýle hem bolaýmaly. Öz ynanýan, halaýan zadyň üçin göreşmek gerek. Eger şeýle etmeseň, diňe synmak bilen bolarsyň. Bir ýykyldyňmy, onsoň galyp bilmersiň. Ähli zady taşlap, soňuna çenli alyp gitmezlik iň aňsady, çünki ýollar çarkandakly, bizem oňaýsyzlyk bilen öwrenişmedik. Biz ähli zadyň ýeňillik bilen dessine bolmagyny isleýäris. Şunlukda, biziň arzuwlarymyz ölýär, maksat bolsa, elýeterden has uzakda galýar. Durmuş kem-kemden manysyz boş bir zada dönýär. Netijede, biz ähli zady unudyp, täzeden başlamagy ýüregimize düwýäris hem-de durmuşymyzy başgaça guramak maksady bilen täze bir güne garaşýarys. Ýöne biziň ýolumyzda täze päsgelçilikler peýda bolýar we biz ýene-de säginýäris. Onsoň bizi öz gowşaklygymyz sebäpli lapykeçlik, sussupeslik we gahar-gazap gurşap alýar. Şonuň üçin hiç haçan boýun synmaly däldigiňi, öňde goýan maksatlaryňa ýetmek üçin göreşmelidigiňi unutmaly dälsiň. Seniň haýsydyr bir bäsleşikde utulanlygyň möhüm däl. Durmuş dowam edýär. Seniň iň uly duşmanyň seniň içiňdäki işýakmazlygyň, gorkyň, şübhäň, ýaýdanjaňlygyňdyr. Öz arzuw-islegleriň esgeri, maksatlaryň serkerdesi bolgun, oglum!