Ýaz paslynda duş gelinýän täsin hadysalaryň biri hem ýerden güberilip çykýan kömeleklerdir. Eýsem, kömelek nädip çykýar?
Ýerden gögerip çykýandygyna garamazdan, kömelek ösümlik hasaplanmaýar. Ösümlikler ýaly kömelekde fotosintez hadysasy bolup geçmeýär. Şol sebäpli kömelegiň gögermegi üçin ýagtylyk zerur däl. Telpekli iýmitiň ýerden çykmagy üçin garaňkylyk, çyglylyk we biraz gyzgynlyk gerek. Kömelek, esasan hem, adam aýagy kän basmadyk, ösümlik çüýrüntgileri köp bolan meýdanda peýda bolýar. Kömelegiň telpejiginiň aşagynda köpeliş sporalary bolýar. Çüýräp topraga garylan sporalar geljek ýyl ýaz paslynyň gelmegi bilen ýene-de gögerýär. Kömelegiň täze bir ýerde gögerip çykmagynda ýeliň, janly-jandarlaryň täsiri uludyr. Ýagny kömelek sporalary guşlaryň, käbir haýwanlaryň aýagyna ýapyşyp ýa-da ot-çöpe garyşyp gelip biler.
Ýazda ýagşyň köp ýagýandygy hem-de Ýere ýyly girýändigi sebäpli, bahar paslynda kömelege köp duş gelinýär. Tomus paslynda howanyň guraklygy sebäpli kömelek gögermeýär. Güýz paslynyň ýagynly günlerinde hem kömelek gögerýär, emma çyglylygyň pesdigi sebäpli, derrew çüýremek bilen bolýar. Kömelegiň ýokarky güberçegine telpek, ýere girýän uzyn bölegine bolsa göbek diýilýär.