Hytaýyň BYD kompaniýasy elektroulaglaryň hemmelere elýeterli bolmagy üçin arzan ulaglary hödürläp başlady. Awtoulag senagatynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan BYD “e2” modeliniň bahasyny 13 göterime golaý arzanlatdy. Mundan ozal kompaniýanyň 100 müň ýuandan (13 müň 900 dollar töweregi) arzan bir sany modeli bardy. Indi bolsa kompaniýa olaryň sanyny bäşe çykardy. Hytaý brendi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “e2” modeliniň bahasyny 89 müň 800 ýuana (12 müň 507 dollar) düşürdi.
Bu arzanladyş kompaniýanyň satuwyna görnetin täsir eder. Kiçi görnüşli bu sport ulagy bir gezekki zarýady bilen 405 kilometr ýol geçýär.
Mundan ozal diňe “Seagull” modeliniň hetçbek görnüşi 100 müň ýuandan arzan bahadan satylýardy. Golaýda kompaniýa bu ulagyň bahasyny 4 müň ýuan arzanladyp, 69 müň 800 ýuana düşüripdi. Şeýle hem ýene dört modeliň bahalary arzanladylyp, 100 müň ýuandan aşak düşürildi.
Ýeňiş Toýlyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.