“BP pulse” kompaniýasy uly ýük ulaglarynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşlerini artdyrmak maksady bilen Ýewropanyň iň uly awtoduralgasyny satyn aldy.
Iňlis nebit-gaz kompaniýasynyň elektroulaglara zarýad berýän bölümi bolan “BP pulse” Angliýanyň Kent şäherindäki uly ýük ulaglaryna niýetlenen duralgada elektrik beketlerini gurar. “Ashford International Truckstop” atly duralga häzirki wagtda 660 orunlyk bolup, bu ýerde dürli hyzmatlar hödürlenýär. Bu ýerde 2026-njy ýyla çenli zarýad beketleri gurlar. Kompaniýa uly ýük ulaglarynyň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin maýa goýumlary artdyrmagy maksat edinýär.
“BP pulse” öý, kärhanalar we köpçülikleýin ulanmaga niýetlenen elektroulag zarýad beriş beketlerini üpjün edýär. Şeýle hem Britaniýanyň iň uly zarýad beriş beketleri toruna eýeçilik edýär.
Wepa Hojamämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.