6-njy martda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi. Netijede, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.
2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agza hökmünde girýärler. Wengriýa hem-de Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.