Ni­der­land­la­ryň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Als­mer şä­he­ri «su­wuň üs­tün­dä­ki gül oba­sy» hök­mün­de ta­nal­ýar. Als­mer dür­li gör­nüş­li gül­le­re bes­le­nen dün­ýä­niň ro­man­tik ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Paý­tagt Ams­ter­dam­dan 13 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­ba­tar­da ýer­leş­ýän Als­mer şä­he­ri ir­ki dö­wür­ler­de gu­rak ho­wa­ly eke­ran­çy­lyk mer­kez­i bo­lup­dyr. Ýe­ras­ty baý­lyk­la­ryň ga­zy­lyp alyn­ma­gy ne­ti­je­sin­de şä­her­de bir­nä­çe köl eme­le ge­lip, wag­tyň geç­me­gi bi­len ho­wa şer­ti üýt­gäp­dir. Agaç na­hal­la­ry­nyň köp­çü­lik­le­ýin eki­lip, bag­lyk meý­dan­la­ryň kö­pel­me­gi bi­len gül­çü­lik meý­dan­la­ry hem peý­da bo­lup baş­la­ýar. Öň­ler Als­me­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň kä­ri ba­lyk­çy­lyk bo­lan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da esa­sy işi gül­çü­lik ha­sap­lan­ýar. Esa­san hem, bu şä­her 1850-nji ýyl­lar­da gül ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi bi­len bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar. XX asy­ryň baş­la­ryn­da Als­mer «dün­ýä­niň gül­ler paý­tag­ty» hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Şu ýer­de bel­läp geç­sek, Ko­lum­bi­ýa «dün­ýä­niň gül­ler ýur­dy» ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Als­mer şä­he­rin­de gül­le­riň 1 müň 200-den gow­rak gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Ni­der­land­la­ryň «köl et­ra­by» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan Als­mer şä­he­rin­de gül meý­dan­la­ry, gül ýy­la­dyş­ha­na­la­ry bi­len bir ha­tar­da, «Wes­te­in­derp­las­sen» suw güý­men­je­le­ri meý­dan­ça­sy hem ýer­leş­ýär. Gül­le­riň şä­he­ri­ne dynç al­ma­ga bar­ýan­lar kä­ren­de­si­ne ga­ýyk alyp, suw­da dynç al­mak, suw­da typ­mak ýa­ly güý­men­je­ler bi­len meş­gul­la­nyp bi­ler­ler. Als­mer şä­he­rin­de her ýy­lyň ba­ha­ryn­da ge­çi­ril­ýän gül fes­ti­wa­ly gül­le­riň hoş­boý ysy we älem­go­şar reňk­le­ri bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Gül­ler baý­ram­çy­ly­gyn­da «Pra­men­race» ýa­ry­şy hem ge­çi­ril­ýär. Gül­ler bi­len be­ze­len ga­ýyk­larda ýüz­mek ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän bu ýa­ry­şa her to­par bir­meň­zeş egin-eşik­de gat­naş­ýar. Gül­kü­li we şa­dy­ýan ýag­daý­da ge­çi­ril­ýän ýa­ry­şyň do­wa­myn­da oý­na gat­na­şy­jy­lar dür­li şert­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­li bol­ýar­lar.
«Royal Flo­ra Hol­land» at­ly auk­si­on meý­dan­ça­sy şä­her­de ba­ryp gör­me­li ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­dä­ki iň uly gül ba­za­ry bo­lan auk­si­on meý­dan­ça­syn­da myh­man­la­ra müň­ler­çe gör­nüş­li gül hö­dür­len­ýär. Dört­burç se­bet­le­re ýer­leş­di­ri­len gyr­ky­lan gül­ler il­ki ara­ba­la­ra ýük­len­ýär. Soň­ra ki­çi­räk trak­tor­lar yz­ly-yzy­na tir­ke­len gül­li ara­ba­la­ry çe­kip, myh­man­la­ryň öňün­den ha­tar gu­rap geç­ýär­ler. Bu ýer gü­lüň iň gyz­ga­laň­ly söw­da mer­kez­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. 1910-njy ýyl­lar­da peý­da bo­lan «Royal Flo­ra Hol­land» auk­si­on ba­za­ry 200 fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň ulu­ly­gy­na, ýag­ny 775 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lup, her ýyl 1,7 mil­liard­dan gow­rak gül sa­tyl­ýar. Auk­si­on­da dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan 2 müň 600-e go­laý adam iş­le­ýär. Auk­si­on­da her gün 43 mil­li­on gül, müňlerçe ösüm­lik gör­nü­şi sa­tyl­ýar. Çi­gil­dem, hri­zan­te­ma we li­li­ýa iň geç­gin­li gül­ler ha­sap­lan­ýar. Auk­si­on meý­dan­ça­sy­nyň ulu­ly­gy se­bäp­li gül­le­riň bi­na­nyň o çe­tin­den bu çe­ti­ne gel­me­gi üçin 45 mi­nut ge­rek bol­ýar. Aly­jy­la­ra we sy­ýa­hat­çy­la­ra auk­si­on bi­na­sy­ny aý­la­nyp gör­mek üçin kä­ren­de­si­ne we­lo­si­ped be­ril­ýär. Bi­na­da gül­le­ri ter sak­la­mak üçin çyg­lan­dyr­ma we ho­wa­lan­dyr­ma iş­le­rin­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösen hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Umu­man ala­nyň­da, Als­mer şä­he­ri fran­suz ta­gam­la­ry­ny, gol­land gül­le­ri­ni we gül­li meý­dan­lar­da ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan­lar üçin sy­ýa­hat et­mek mas­la­hat be­ril­ýän özü­ne çe­ki­ji ýer­le­riň bi­ri­dir.