FIFA türk klublarynyň 6-syna transfer gadagançylygyny girizdi. Bu barada FIFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär. Şoňa görä, Türkiýäniň çempionaty “Süper Ligiň” wekillerinden “Kaýserispor” toparyna häzirlikçe wagty kesgitlenmedik möhlet boýunça transfer gadagançylygyny berdi. “Adana Demirspor”, “Antalýaspor”, “Ankaragüjü”, “Konýaspor” hem-de 2-nji liganyň wekili “Eýüpspor”  toparlaryna-da 3 möwsüm,  ýagny, öňümizdäki tomusda, geljek ýylyň gyşynda hem-de tomsunda hiç bir futbolçyny düzümlerine goşup bilmezler.