23-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça Hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, bu işleri halkara derejede geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi.
BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy biragyzdan goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.