Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň şanly wakalara beslenýän günlerinde eziz Diýarymyza kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi şatlandyryp, ýüreklerimize röwşen nur çaýyp bahar – geldi, ýaz-geldi. Ajaýyp nagmalaryny kakyp, durna bilen gaz geldi.
Bu bagtyýar ajaýyp döwrümizde tutuş tebigatymyzy janlandyryp, göz ýetmez sähralarymyzy, ümmülmez çöllerimizi, beýikli-pesli depedir-düzlerimizi, geriş-geriş daglarymyzy ýaşyl begrese besläp türkmen baharynyň gelşi-de üýtgeşik. Ynha-da bosagada “Nowruz” baýramy. Ata-babalarymyzyň “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli” diýip, aýdyşlary ýaly, şu ýyl gadymy türkmen topragyna täzelenişiň hem-de nuranalygyň baýramy bolan Nowruz özüniň kalplara şatlyk paýlaýan ajaýyp günleri bilen geldi. Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň gelmegi her bir adamyň şatlygyny goşalandyrýar. Türkmen halky gadymy wagtlarda hem Nowruzy özboluşly baýramçylyk hökmünde belläpdirler.
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde başlap, “Nowruz” baýramyna uly taýýarlyk görülip başlanýar. Baýramçylykda, esasan, ösümlikden taýýarlanylan tagamlary bişirmek däbi ene-mamalarymyzdan şu günlerimize gelip ýetipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyny ýedi tagam bilen bezelipdir. Bu tagamlar, ösümlikleriň ýedi görnüşinden – bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýbadan taýýarlanmak bilen, semeni, nowruz ýarmasy, unaş, köje, mäşewe, süýtli aş taýýarlamaly bolupdyr. Baýramçylykda adamlar täze lybaslar geýýärler, ähli kineler undulýar, birek-birege sowgat berilýär. Baharyň gelmegi bilen bu baýramda semeni taýýarlamak möhüm ýörelgeleriň biri bolupdyr. Ol ýaňy gögeren bugdaý maýsasyndan duz atylman bişirilýän tagamdyr. Semeni bilen baglanşykly yrymlar hem bar: “Nowruzda ýedi öýe semeni dadyrsaň, rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş”. Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasyny saçyňa, bagjygyňa daksaň, bagt getirýärmiş”. Semeni gaýnadylyp el degrilmän bir gije bişirilen gazanda goýar ekenler we ilkinji bolup Äşe-Patma datsyn diýlipdir. Ir bilen taýýar bolan semenide Aşe-Patmanyň barmak yzlaryny ilki gören gyz-gelne bagtlylyk, şowlulyklar ýar bolarmyş. Şondan soňra “Bissimilla, meniň elim däl, Aşe-Patmanyň eli” diýip, goňşy-golama, ýakyn-ýada dadyrylypdyr.
Nowruz gadymdan bäri bellenilip gelinýän baýramlaryň biridir. Şonuň üçin Nowruz bilen bagly urup-adatlar, däp-dessurlar örän köp. Ene-mamalarymyzdan bu günki günlerimize gelip ýeten milliligimizi gorap saklamak we dowam etdirmek şeýle hem ýaş nesillerimize öwretmek biz zenanlaryň mukaddes borjumyzdyr.
“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem bu baýramçylyk uludan bellenilip geçilýär. Eziz Diýarymyzda toýlar toýa, baýramlar baýrama ulaşýar.
Milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! Il, ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Gülruh Haljanowa, Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.